TÜRKMENISTAN HABARLARY

Energetika diplomatiýasyna bagyşlanan seminar geçirildi

Energetika diplomatiýasynyň strategiýalaryny işläp taýýarlamakda we ilerletmekde öňdebaryjy halkara tejribesi – 2021-nji ýylyň 21-22-nji oktýabrynda ÝHHG-nyň guran onlaýn-seminarynyň üns merkezinde boldy. Bu barada «Türkmenistan. Altyn asyr» saýty ýazýar.

Seminara Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Energetika ministrliginiň, «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, ýokary okuw mekdepleriniň we beýleki degişli edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Russiýa Federasiýasyndan halkara bilermenleriniň ikisi energetika pudagynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyrdylar, ählumumy we sebit ýörelgelerine seljerme berdiler hem-de halkara energetika howpsuzlygy bilen nebit-gaz pudagynda durnukly ösüşiň arabaglanşygyny beýan etdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: