Jeyhun News

Информационно-аналитический портал

Türkmenistanda köp çagaly maşgalalara ýeňillikleri göz öňünde tutýan kanun taýýarlanylýar

Oct 5, 2021

Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 1–nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde habar berildi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler, hususan-da, Mejlisde döredilen iş toparlarynyň köp çagaly maşgalalara ýeňillikleri bermegi göz öňünde tutýan, ilatyň durmuş taýdan goraglylygy hakyndaky kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça amala aşyrýan işleri barada maglumat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň 25-nji sentýabrda geçirilen mejlisinde eden çykyşynda bu barada anyk wezipeleri öňe sürüpdi.

Habar berilişine görä, ýene-de birnäçe kanunçylyk namalarynyň rejelenen görnüşi işlenip taýýarlanylýar, hereket edýän kanunlaryň ýerine ýetirilişi seljerilýär.

Adblock
detector