TARYH

Jigerbent galasy

Darganata etrabynda şu günlere çenli saklanyp galan gadymy ýadygärlikleriň biri-de Amyderýanyň aşak akymlarynda ýerleşýän Jigerbent galasydyr. Ol Darganata etrabynyň Sediwer obasynyň 6 km çemesi demirgazyk-günbatar tarapynda ýerleşýär. Ol IX-X asyrlarda dörän şäher galasydyr.
Jigerbent Köneürgenç türkmen döwletiniň ýaşan döwründe XII-XIII asyrda özüniň ösen derejesine ýetipdir. Gala Amyderýanyň çep kenarynda ýerleşip, ilaty maldarçylyk we ekerançylyk bilen meşgullanypdyr. Derýa joşan wagty öz suwy bilen gyrmançalary getiripdir. Bu bol hasyl berip biljek mes toprakly ýerleriň emele gelmegine ýardam edipdir. Baý söwdagärler gadymy Ürgenç, Amul, Merw, Buhara şäherleri bilen söwda gatnaşygyny saklapdyrlar. Jigerbent galasy 1221-nji ýylda mongollaryň çozuşlarynyň netijesinde ýykylypdyr. Şondan soň onuň ilaty galany taşlap gidipdir. Netijede harabaçylyga öwrülip galyberipdir.
Jigerbent galasynda häzirki döwüre çenli galan guýular, hüjreler we diwarlaryň bölekleri, şeýle-de minaralaryň sudury galanyň umumy meýdanyny mese-mälim görkezip dur. Gadymy Jigerbent galasy Amyderýanyň kenaryndaky kiçijek ýarym adada ýerleşýär. Onuň gündogar we günbatar taraplarynda derýanyň akymynyň ýaýrawy giňelip gidýär. Jıgerbendiň ýerleşýän ýarym adajygynyň ýer üstüniň beýikligi ýeri suw basmak howpundan saklapdyr. Gury ýer böleginiň derýanyň içine süsňäp girmeginiň netijesinde derýanyň gadymy hanasynyň çep kenary 2 km çemesi daralýar. Bu daşky duşmandan goranmaga-da amatly bolupdyr. Üns berip seretseň, Jigerbendiň ýerleşýän ýarym adasy Amyderýanyň öňündäki bent ýaly bolup görünýär.
«Jigerbent» toponimiki at bolup, onuň «Jeýhun bendi» diýen sözden emele gelen bolmagy ähtimal. Wagtyň geçmegi bilen onuň adynyň gelip çykyşy dini rowaýata öwrülip gidipdir.
Rowaýatda aýdylyşyna görä, Hezreti Alynyň bir gazak aýaly bolupdyr. Ondan Mäti (Muhammet) diýen ogly bolupdyr. Mäti ejesiniň elinde ösüp-ulalypdyr, güýçli pälwan bolup ýetişipdir. Ejesi oglunyň kemsiz pälwan çykanyna göz ýetirensoň, bir gün oňa¬: «Oglum, eger-de özüňden güýçli pälwana duş geläýseň, jetdiňi (ataňy, kakaňy) çagyr, ol saňa kömege ýetişer. Seniň jetdiň Hezreti Alydyr» diýip, sargyt edipdir.
Günleriň birinde Jeýhunyň boýundaky obalaryň birinde bir baý uly toý tutupdyr. Oňa çar ýandan myhmanlar gelipdir. Şol ýerde türkmen toýunyň ähli däp-dessurlary berjaý edilipdir. Bu toýda göreşip, güýç synanyşmaga gelen pälwanlaryň içinde Hezreti Aly bilen onuň ogly Mäti-de bar eken. Emma, olar biri-birlerini tanamandyrlar. Ynha-da, göreş başlanypdyr. Orta ilkinji bolup çykan Mäti bolupdyr. Hezreti Alyda, göräýmäge, owadan, daýaw, üstesine-de, «garşydaşy ýok» bu pälwan bilen göreşip görmek meýli döräpdir. Ol orta çykansoň, tutluşyk başlapdyr. Mäti güýç synamak gezegini garşydaşyna beripdir. Aly bu pälwany ýykjak bolup köp synanşypdyr, ýöne bolmandyr. Hat-da, ony ýerinden hem gozgap bilmändir. Güýç synamak gezegi Mätä-de ýetipdir. İlkibada daýaw garşydaşyny götermek Mätä-de eýgertmändir. Onuň örän güýçlüdigine gözi ýeten Mäti ejesiniň aýdany ýadyna düşüp, «Ýa, jetdim, medet» diýip gygyryp, Alynyň aýagyny ýerden üzüpdir, emma ýykmandyr. Ýaş “garşydaşynyň” sözlerini eşiden Aly ukudan oýanan ýaly, tisginip gidipdir we ondan: «Eý, pälwan, saklan! Seniň jetdiň kim bolamaly?!» diýip sorapdyr. Mäti-de özüne göwni ýetip: «Meniň jetdim Hezreti Alydyr» diýipdir. Onuň jogabyny eşiden Aly tolgunyp: «Şol Hezreti Aly diýilýäni men bolmaly, oglum!» diýipdir.
Mäti garşysynda duranyň öz kakasydygyny bilip, üstünden gaýnag suw guýlana dönüpdir. Ol onuň bilinden tutup, nähak iş edip, ýüzügara bolanyna namys edip, gaçmaga başlapdyr. Bu ýagdaýa düşünmedik Aly onuň yzyndan kowup ugrapdyr. Mätiniň münüp barýan aty Alynyň Düldüline-de ýetdirmändir. Şol gaçyp barşyna, Mäti gaňrylyp yzyna seredipdir we Alynyň gelýänini görüpdir. Ol bu ýagdaýdan baş alyp çykmak üçin Alla nalyş edip,ýalbaryp başlapdyr: «Eý,Alla, gara ýeri ýar! Men gireýin. Biedeplik edip, atamyň bilinden tutdym. Allam,özüňden medet!»
Şol pursat Beýik Taňrynyň gudraty bilen ýer ýarylypdyr, Mäti-de şol ýarykdan ýeriň aşagyna girip gidipdir. Hezreti Aly-da ol ýere gelip: «Bu ýerde jigerim (balam) bent boldy (jaý aldy, jaýlandy). Bu ýer «Jigerbendim« diýip, zar-zar nala çekipdir. İne, şondan soň, bu ýerde «Jigerbent» öwlüýasy döräp, ol «Jigerbent» diýilip atlandyrylypdyr.
Elbetde, bu aýdylanlar halk arasynda ýaýran rowaýat. Ol hakykata dogry gelmese-de, uly terbiýeçilik ähmiýeti bar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply