YKDYSADYÝET

Türkmenistanda kalsit öndürýän zawod gurlar

Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda kalsit öndürýän zawod gurmak göz öňünde tutulýar. Bu barada Ministrler kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow habar berdi.

Ýyllyk kuwwatlylygy 50 müň tonna önüm öndürmäge niýetlenen kärhana ýurduň bazarlaryny ýerli tebigy serişdelerden öndürilen ýokary hilli gurluşyk serişdeleri bilen doly üpjün etmäge hem-de täze iş orunlaryny döretmäge ýardam eder.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: