YKDYSADYÝET

Şu baharda Lebapda 467 köşek dünýä indi

Şu ýyl Lebap welaýatynyň düýedarçylyk hojalyklary gowy netijeler gazandylar. Olar şu möwsümde 467 sany köşek alyp, bu baradaky meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmekligiň hötdesinden geldiler.

Häzirki wagtda köşekler weterinar lukmanlaryň gözegçiliginde saklanylyp, sagdyn kemala getirilýär.

Mundan ozal welaýatda dowarlardan 73 müň 772 owlak-guza derek, 74 müň 708 sany owlak-guzy alnandygyny habar beripdik.

Welaýatyň maldarlarynyň gazanýan zähmet üstünlikleri maldarçylyk hojalyklarynyň hünärmenleri tarapyndan işleriň guramaçylykly ýola goýulmagynyň, şeýle hem çopanlaryň tutanýerli zähmetiniň guwandyryjy netijeleridir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: