YKDYSADYÝET

Pagtanyň tohumynyň biologiki usulda işlenilmeginiň birnäçe artykmaçlyklary bar

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň oba hojalyk ylymlary bölüminiň müdiri, tehniki ylymlaryň kandidaty Aşyr Saparmyradow ekilmezinden ozal pagtanyň çigidini taýýarlamagyň biologiki usulyny işläp taýýarlady.

Bu usulyň ekilmezinden ozal çigidiň mehaniki ýa-da himiki usul bilen taýýarlanylyşyndan birnäçe artykmaçlyklary bar. Biologiki usul bilen taýýarlanan tohumlar zaýa bolmakdan, çygdan, yssydan we sowukdan gorkmaýarlar. Olar gowy gögeriş berýärler, şonuň üçin hem şeýle tohumlar takyk ekijiler bilen ekmek üçin öran amatly. Täze usul adaty ýagdaýda ekileninden üç esse diýen ýaly tohumy tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Şonuň ýaly-da, şeýle tohumy adaty möhletinden 6—10 gün öň ekip bolýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: