BIZE YAZYARLAR

Sagdyn durmuşa ygrarlylyk

Berkarar Watanymyzda ýaşlarda bedenterbiýe, sport we sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmegi dowam etdirmek maksady bilen dürli çäreler toplumy işlenilip düzülendir. Bu ugurda biz hem öňümizde goýlan anyk wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça ýaşlaryň arasynda sportuň görnüşleri boýunça ýaryşlarydyr bäsleşikleri yzygiderli guraýarys. Geçirýän sport çärelerimize ýaşlaryň işjeň gatnaşmaklary ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýä we sporta ýykgyn edýän raýatlaryň sanynyň has hem artýandygyny görkezýär. Şu günler welaýat Sport we Ýaşlar syýasaty baş müdirliginiň hünärmeleri bilen guraýan sport bäsleşiklerimiz hem gyzgalaňly häsiýete eýe bolýar.

Türkmenabat şäherindäki sport mekdeplerinde «Sagdyn nesil — bagtyýar geljek» at bilen geçirýän bu ýaryşlarymyzyň baş maksady ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekden, ýaşlaryň bedenterbiýe we sport bilen işjeň meşgullanmaga bolan höwesini artdyrmakdan ybaratdyr. Welaýat merkezimizdäki sport mekdeplerinde zähmet çekýän tälimçilerimiziň we türgenlerimiziň gatnaşmaklarynda eýýäm sport bäsleşiklerini geçirip başladyk. Golaýda sport bäsleşikleriniň bir toplumyny Türkmenabat şäherindäki 10-njy we 12-nji sport mekdeplerinde hem guradyk. Woleýbol, futbol, stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça geçirilýän ýaryşlara ýaş oglandyr gyzlar uly höwes bilen işjeň gatnaşýarlar. Bu bolsa ýaşlaryň sporta höwesini artdyrmak bilen birlikde sagdyn ruhly we berk bedenli nesilleriň kemala gelmegine giň mümkinçilikleri açýar. Ýaryşlara işjeň gatnaşyp, üstünlikli çykyş edýän ildeşlerimize guramamyzyň adyndan ýadygärlik sowgatlaryny gowşurýarys.      

Laçyn Akyýewa,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher geňeşiniň esasy hünärmeni.   

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: