YKDYSADYÝET

Türkmenistanly telekeçi reňkli bolgar burçuny öndürýär

Häzirki wagtda Türkmenbaşy şäherindäki döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan gök we miwe önümleri ýetişdirilýän ýyladyşhanada «reňkli bolgar» diýlip atlandyrylýan süýji burçuň bol hasyly ýetişdirilýär.

«Bereketli toprak» gazeti habar bermegine görä, eýýäm bu islegli önümiň 40 tonnadan gowragy ak bazarlarymyzda ýerlenip, ilatymyzyň bereketli saçaklaryny bezedi. Ýyladyşhananyň 2 gektar meýdanynda süýji burçuň 45600 düýbi oňat boý alypdyr. Olardaky ýetişen gyzyl, sary, ýaşyl reňkli iri burçlaryň her biriniň agramy 350 — 400 grama ýetýär.

Işjeň telekeçi Sapardurdy Nazlyýewe degişli bolan bu hususy hojalygyň döwrebap ýyladyşhanasynda pomidor hem ýetişdirilip, geçen möwsümde ýygnalan 400 tonnadan gowrak pomidoryň bir bölegi Russiýa we Gazagystana eksport edildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: