YKDYSADYÝET

Türkmenistanda indi hlorella öndürilýär

«Pajarla» we «Çemenli ýaýla» hususy kärhanalary bilelikde iş alyp baryp, Türkmenistanda ilkinji bolup, ekologiýa taýdan arassa önüm bolan hlorellanyň önümçiligini ýola goýdy. Hlorellany öndürmek we saklamak özboluşly häsiýete eýedir. Hlorellanyň köpugurlydygyny belläp geçmek zerurdyr. Ol ulanylyşy boýunça birnäçe görnüşlere bölünýär. Hlorella ekerançylykda,howuzlary arassalamakda, kosmetologiýada, zawod-fabrikleriň atmosfera zyňyndylaryny azaltmakda, gaýtadan işlemekde we ýygnap saklamakda giňden ulanylýar.

Hlorella maldarçylykda gara we ownuk şahly mallary, guşlaryň ähli görnüşlerini (towuk, düýeguş, käkilik, öý guşlary), şeýle hem balarylary, ýüpek gurçuklary (esasan hem, olarda ýüze çykýan muskardina, perbina keselleriň öňüni almak), balyklary, atlary, itleri iýmitlendirmek, olaryň immunitetine täsir etmek bilen, oňyn netijeleri gazanmak, ýagny, guşlaryň, gara mallaryň önümliligini ýokarlandyrmak üçin ulanylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: