YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynda gowaça ekişine badalga berildi

Şu gün Lebap welaýatynyň hojalyklarynda gowaça ekişine badalga berildi. Gowaça ekijileri asylan traktorlar atyza girmezlerinden ozal öňde duran ekişe bagyşlanan okuw maslahaty geçirildi. Onda ýerleri ekişe taýýarlamagyň, tehnikalardan ýerlikli peýdalanmagyň, agrotehnikanyň kadalaryny berjaý etmegiň we beýleki meseleleriň üstünde durlup geçirildi.

Gowaça ekişine girişilmegi mynasybetli dabaralar Çärjew etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginiň atyzlarynyň biriniň ýanynda geçirildi.

Islendik çärä ýaşulularyň badalga bermegi indi asylly däpleriň birine öwrüldi. Bu gezek hem şeýle boldy. Olar gowaçanyň ilkinji tohumyny ýere sepenlerinden we ekişe girişmäge ak pata berenlerinden soň kuwwatly traktorlar atyza girdiler we mehanizatorlar ekişe başladylar.

Şu möwsümde 328 ekijiden peýdalanmak göz öňünde tutulýar. Tehnikalaryň ählisi wagtynda Lebap welaýatynyň oba hojalyk önümçilik birleşiginiň etrap tehniki hyzmat ediş kärhanalarynda abatlanyldy. Olaryň 58-si takyk ekijilerdir. Olar belli bir aralykdan topraga çigidi ýeke-ýekeden taşlaýarlar we üstüni basyrýarlar. Şu möwsümde hem, ozalkylary ýaly, gowaçanyň «Ýolöten-9», «Ýolöten-39» we «S-2606» sortlary ekiler, Birazajyk meýdanda bolsa  «Ýolöten-50» we «Jeýhun» sortlary synag üçin ekiler.

Bu ýyl ýurduň günorta-gündogar sebitinde 130 müň gektar meýdana gowaça ekmek we ondan 320 müň tonna hasyl almak göz öňünde tutulýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: