YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynyň telekeçileri geçen dokuz aýda 25 million 580 müň manatlyga ýakyn harydy daşary ýurtlara iberdiler  

Lebaply telekeçiler daşary ýurtlardan getirilýänleriň ornuny tutýan harytlaryň önümçiligi artdyrmak bilen bir hatarda daşary ýurtlara eksport edilýän önümleriniň möçberini hem artdyrýarlar. Ýylyň başyndan bäri olaryň beýleki ýurtlardaky hyzmatdaşlaryna ugradan harytlarynyň bahasy ABŞ-niň 7 million 308,5 müň dollaryndan hem geçdi. Olaryň milli pulda gazanan girdejisi bolsa 25 million 580 müň manada ýakynlady.

Geçen dokuz aýda daşary ýurtly işewürler Türkmenistanda öndürilen izogama, suwuk bitum mastikasyna, akkumulýatorlara, kendir görnüşli watine, regenirlenen süýüme, kendir ýüpüne, gaýtadan işlenen polimere, polietilen turbalara we beýlekilere uly isleg bildirdiler. Olary Özbegistanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Gazagystanyň, Belarusyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gyrgyzystanyň telekeçileri satyn aldylar.

Häzriki wagtda senagat harytlaryny öndürýän kiçi kärhanalaryň, hojalyk jemgyýetleriniň, hususy telekeçileriň 12-si daşary ýurtlar bilen ykdysady gatnaşyklary ýola goýup, dünýä bazarlaryndaky orunlaryny has berkitdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: