JEMGYÝET

Pagta ýygymyna gatnaşýanlar üçin konsert guraldy

Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň Astanababa şäherçe medeniýet öýüniň çeper höwesjeňleri şu günler gyzgalaňly dowam edýän pagta ýygymy möwsüminde daýhanlaryň armasyny ýetirmek maksady bilen aýdym-sazly çykyşlary guraýarlar, diýip, diýip «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Golaýda medeniýet öýünde guralan çärä etrabyň daýhan birleşikleriniň pagtaçy kärendeçileri, mülkdarlar, kombaýnçylar gatnaşdylar. Onda çeper höwesjeňleriň ýerine ýetirmeklerinde aýdym-sazlar belentden ýaňlandy. Çäre mahalynda wäşiler degişme çykyşlaryny görkezdiler. Şeýle-de etrabyň halk teatrynyň höwesjeň artistleri gysgajyk sahna oýunlary bilen çykyş etdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: