YKDYSADYÝET

Türkmenistan: lebaply telekeçiler şöhlat önümleriniň öndürilişini artdyrýarlar

Lebaply telekeçiler şu ýylyň ýanwar aýynda 15 tonnadan geçirip şöhlat we şöhlat önümlerini öndürdiler. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 3 tonnadan gowrak köpdür.

Türkmenabatly telekeçi Aýymjan Rawşanowa kärdeşleriniň arasynda bu önümi iň köp öndürdi. Ol söwda nokatlaryna 5,2 tonna şöhlat iberdi. Bu önuň geçen ýylky görkezijisinden 0,7 tonna köpdür. Telekeçi Sergeý Kulýapin bolsa bu önümiň 4,89 tonnasyny çykardy.

Welaýatda şöhlat we şöhlat önümlerini öndürmek bilen 10 telekeçi meşgullanýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: