• Wed. Sep 30th, 2020

Täze önümçilik ýola goýuldy

May 10, 2020

Türkmenabadyň tejribe synag abatlaýyş zawodynda gowaçalaryň ujuny çyrpmak üçin enjamlaryň öndürilişi ýola goýuldy. Bu ýerde awgust aýyna çenli olaryň 500-sini taýýarlamak göz öňünde tutulýar.

Zawodyň hünärmenleri onlarça ýyllaryň dowamynda oba hojalyk maşynlaryny abatlamak, olara gerekli ätiýaçlyk şaýlarynyň käbirlerini öndürmek bilen meşgullanyp gelýärler. Olar bu ugurdan uly tejribe topladylar. Ulanyjylar kombaýnlary, traktorlary we beýleki tehnikalary bejermek üçin gerekli şaýlar bilen bökdençsiz üpjün edýärler. Bu ýerde gowaça ekijileriň şesternýalary, bankalaryny saklaýjy toplum, tohumy topraga dykyzlaýjylar, çoýun wtulkalar, dörjeleýjiler we beýlekiler öndürilýär. Indi bolsa täze önümçiligi hem ýola goýdular.

Поделиться ссылкой: