YKDYSADYÝET

«Tibet Türkmen» hojalyk jemgyýetinde täze önümçilik ýola goýuldy

«Tibet Türkmen» hojalyk jemgyýetiniň «Balşeker» haryt nyşanly süýji önümlerini öndürýän kärhanasynda täze çaga iýmitleriniň, berhizlik kökejikleriň önümçiligine başlandy.

Täze önümleriň arasynda şokolad, ary bally we banan tagamly ertirlikler, marşmellowly taýyn ertirlik, bambuk taýajyklary ýaly önümler witaminlere baýlaşdyrylandyr. Şeýle hem däneli ösümliklerden taýýarlanan berhizlik tagamlar saglyk üçin peýdalydygy, ýokumlylygy bilen özüne çekýär. Önümler «Balşeker» haryt nyşany bilen göze gelüwli gaplara gaplanyp, alyjylara hödürlenilýär.

Önümçilik kärhanasy Büzmeýin etrabynda ýerleşýän «Tibet Türkmen» hojalyk jemgyýetinde konditer önümçiliginde işler giň gerimde alnyp barylýar. Häzirki wagtda bu ýerde «Balşeker» haryt nyşanly zefir, guş süýdi, marmelad hem-de horaz süýjüleriniň onlarça görnüşi öndürilýär. Önümçilik işinden daşary hem bu ýerde ýörite gaplama bölümi hem hereket edýär. Onda gabartma külkesi, şekerli wanilin, kakao, «Şanti» krem hem-de şeker külkeleri, konditer önümlerini öndürmekde ulanylýan želatin, krahmal ýaly birnäçe goşundylar «Altyn» we «Kenton» haryt nyşanly gaplara gaplanylýar. Şeýlelikde, iki bölümiň her aýda umumy öndürýän önümleri 7 tonna barabardyr.

Bu barada «Rysgal» gazeti habar berýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: