BIZE YAZYARLAR

Goý, parlasyn bagtyýarlyk baýdagy!

1992-nji ýylyň 18-nji maýy Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň we Tugrasynyň döredilendigi baradaky Kanunlaryň kabul edilen günüdir. Bu senäni ýurdumyzyň ähli ýerinde halkymyz uly dabara bilen belleýär. Çünki görküni ýaşyl ýazlardan alan, dünýä ýüzünde belentde parlaýan Baýdagymyz halkymyz üçin gymmatly mukaddeslik we uly buýsançdyr. Baýdak her bir döwletiň özbaşdaklygyny aňladýan nyşan. Onuň asuda asmanda erkana parlamagy ýurduň abadanlygynyň, parahatlygynyň nyşanydyr. Döwlet Baýdagymyzda ýerleşdirilen bäş welaýatyň haly gölleri we zeýtun baldajyklary halkymyzyň taryhynyň, medeni we ruhy mirasynyň özboluşly aňladylmasydyr.

Biziň 21-nji «Aýperi» çagalar bagymyzda hem Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň gününe bagyşlanyp «Goý, parlasyn bagtyýarlyk baýdagy» atly aýdym sazly çäreler geçirildi. Çagalarda ýaşyl Tugumyza ata Watanymyza bolan söýgini artdyrmak maksady bilen geçirilýän çäreler olarda uly täsir galdyrdy.

Mukaddesliklerimizi wasp edip aýdylan aýdymlar we okalan goşgular çagalaryň kalplaryny has-da joşdurdy.

 Güller Mamedowa,

Türkmenabat şäherindäki 21-nji «Aýperi» çagalar bagynyň terbiýeçisi, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň işjeň agzasy.  

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: