JEMGYÝET

Türkmenistanda ýene üç bank internet arkaly töleg hyzmatlaryny ýola goýar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 13-nji maýda geçirilen mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynda, «Halkbank», «Senagat» paýdarlar täjirçilik banklarynda «Internet bank» ulgamyny ulanyşa girizmek baradaky teklibi goldady.

Häzirki wagta çenli şeýle hyzmatlar diňe «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynda amala aşyrylýardy. Ol bu ulgama 2019-njy ýylda geçipdi. Ýene-de üç bankyň bu ulgama geçmegi onlaýn tölegleri sanynyň artmagyna getirer.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: