YKDYSADYÝET

Türkmenistanda azyk önümleriniň öndürilişiniň möçberi artýar

Türkmenistanda ilaty özünde öndürilen azyk önümleri bilen üpjün etmek ugurnda alnyp barylýan işler oňyn netijelerini berýär. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň geçen dört aýda edilen işlere seredilen mejlisinde bellenilişi ýaly, gök önümleri öndürmek boýunça meýilnama 138,1, miwe we ir-iýmişleri öndürmek boýunça meýilnama 101,7, çörek we çörek önümlerini öndürmek boýunça meýilnama 105,1, et önümlerini öndürmek boýunça meýilnama 101,4, süýt we süýt önümlerini öndürmek boýunça meýilnama 100,8 göterim ýerine ýetirildi. Maýa goýumlary özleşdirmegiň meýilnamasy 176,9 göterim berjaý edildi.

Oba hojalyk toplumy boýunça önümçiligiň möçberiniň ösüşi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 112,5 göterime barabar boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: