YKDYSADYÝET

Işe girizileninden bäri «Malaý» ýatagyndan 247 milliard kub metrden hem köp tebigy gaz çykaryldy

Bu maglumat Türkmenistanyň Prezidentiniň Lebap welaýatyna guralan saparynyň jemlerine bagyşlap geçiren iş maslahatynda getirildi. Bu barada «Türkmenistan. Altyn asyr» habar berýär.

Lebap welaýatyndaky «Malaý» ýatagyndan tebigy gaz 1986-njy ýyldan bäri alynýar. Başlangyç gory 358 milliard 700 million kub metr bolan bu känden häzirki döwre çenli 247 milliard kub metrden hem köp tebigy gaz çykaryldy. Häzirki wagtda bu ýerden gaz çykarmagy dowam etmek, onuň çägini giňeltmek, şeýle hem özleşdirilýän gatlakdan aşaky gatlaklaryň gaz gorlaryny anyklamak we ýüze çykarmak möhüm wezipeleriň biridir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: