MILLI BAÝRAMÇYLYKLAR

Türkmenabat şäherinde näbelli esgeriň ýadygärligine gül goýdular

 Lebap welaýatynda, bütin Türkmenistanda bolşy ýaly, Ýeňiş baýramynyň öň ýanynda Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryna, olaryň yzlarynda galan naçarlara  Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan dabaraly ýagdaýda pul we gymmat bahaly sowgatlary gowşurdylar. Bu sogaply işe kärhanalar, edaralar we jemgyýetçilik guramalary hem goşuldylar. Olaryň wekilleri weteranlaryň we tylda zähmet çekenleriň öýlerinde boldular we olara sowgat gowşurdylar. Welaýatyň ähli muzeýlerinde we kitaphanalarynda bu senä bagyşlanan sergiler guraldy.

Şu gün Ýeňiş gününe bagyşlanan çäreler esgerleriň ýadygärlikleriniň öňünde ter gülli sebetleri we çemenleri goýmakdan başlandy. Şeýle çäreleriň biri Türkmenabat şäherindäki «Bitaraplyk» seýilgähinde oturdylan näbelli esgeriň ýadygärliginiň öňünde ýanyp duran baky oduň öňünde boldy. Baky oda alyp barýan ýoluň ugrunda welaýat we häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, edaralaryň we kärhanalaryň wekilleri ýygnandylar. Olar näbelli esgeriň ýadygärliginiň öňünde ter gülli sebetleri we çemenleri goýdular.

Agşam Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda Çingiz Aýtmatowyň «Ene toprak powestiniň esasynda sahnalaşdyrylan spektakl görkeziler.  Ony ýaş režissýor Perhat Hudaýberernow sahnalaşdyrdy. Spektakly düýnki görkezilişinde zal tomaşaçylardan hyryn-dykyn boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: