YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynda konditer önümlerini öndürilişiniň mukdary artýar

Lebap welaýatynyň telekeçileri ýylyň başyndan bäri konditer önümleriniň 397,1 tonnasyny öndürdiler we alyjylara hödürlediler. Bu geçen ýylyň on aýynyň görkezijileri bilen deňeşdirilende, 99 tonnadan gowrak kändir. Şonda ösüş depgini bolsa 134 göterime barabar boldy.

Welaýatda konditer önümlerini öndürmek bilen telekeçileri 16-sy meşgul bolýarlar. Olaryň käbirleri bu görkezijä has uly goşant goşdular. Mysal üçin, «Daýançly zaman» hususy kärhanasynda dürli görnüşli kökeleriň we beýeki süýji önümleriň 103 tonnadan gowragy alyjylara hödürlenildi. «Paýtun» hususy kärhanasynda ýylyň başyndan bäri bu azyklyk önümiň 73 tonna ýakyny öndürildi. «Hepdelik», «Monjuk» «Şerbet»  hususy kärhanalarynyň görkezijileri hem ýokary.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: