YKDYSADYÝET

Türkmenabat ösümlik ýag kärhanasynda 5250 tonnadan gowrak pagta ýagy öndürildi

Türkmenabat ösümlik ýag kärhanasynda üstümizdäki ýylyň geçen iki aýynda 5 müň 250 tonnadan gowrak pagta ýagy öndürildi.

Onuň 3 müň 61 tonnasy arassalanmadyk, 2 müň 192 tonnasy arassalanan ösümlik ýagydyr. «Türkmenabat» söwda belgili bu önümler söwda nokatlaryna ugradylýar.

Şonuň ýaly-da, ýylyň başyndan bäri şulhanyň 5 müň 193 tonnasy, sarunyň hem 7 müň 636 tonnasy öndürildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: