YKDYSADYÝET

Türkmenistanda alynýan tebigy gazyň mukdary artýar

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirligi boýunça  ýylyň birinji çärýeginde 3 milliard 183 million kub metr tebigy gaz öndürildi. Şeýlelikde, meýilnama 119,4 göterim ýerine ýetirildi.

Müdirlikde ýylyň başyndan bäri gaz kondensatynyň 14 müň tonnadan gowragy işlenip taýýarlanyldy. Munuň özi göz öňünde tutulandan 15 göterim kändir.

Şonuň ýaly-da, ýylyň başyndan bäri çykarylan kükürdiň mukdary 2,8 milliard kub metrden geçdi.

Geçen ýylyň gyşynda «Malaý» gaz käninde gaz gysyjy desganyň açylyp ulanmaga berilmegi bilen, işleriň netijeliligi birnäçe esse ýokarlandy. Bu ýatak Türkmenistandan Hytaýa iberilýän gazyň esasy çeşmeleriniň biri bolup durýar. Ýylyň ilkinji çärýeginde gaz geçiriji boýunça «mawy ýangyjyň» 2 milliard kub metrden gowragy dostlukly döwlete eksport edildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: