YKDYSADYÝET

Baş baýrama bol önümçilik bilen barylýar

Lebap welaýat alyjylar jemgyýetiniň birleşiginde sekiz aýlyk iş meýilnamasy üstünlikli berjaý edilip, 27 million 924 müň 100 manatlyk iş edildi.
Bu döwrüde alyjylar jemgyýetine degişli bolan kärhanalarda çörek önümleriniň 12 müň 83 tonnasy, mineral suwlaryň 144 müň 800 daly, gurluşyk üçin zerur bolan kerpijiň hem 4 million 503 müň sanysy öndürilip, alyjylara ýetirildi.

Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden ep-esli artykdyr. Öndürilýän önümleriň arasynda halkyň gündelik sarp edýän harytlary agdyklyk edýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: