Daşoguz welaýatynda şaly tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnama ýerine ýetirildi

Daşoguz welaýatynyň şalyçylary «sary altyn» taýýarlamagyň ýyllyk tabşyrygyny üstünlikli ýerine ýetirdiler.

Şaly ekilen 8100 gektar ýerden onuň 35 müň tonnasy ýygnalyp, döwlete tabşyryldy. Welaýatyň şalyçylary sebitiň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan, dürli kesellere durnukly, ýokary hasylly «Müňbaş», «Nuküs-2», «Elenge» we «Bereketli» görnüşlerini ekip, bol hasyly ýetişdirdiler. Ýeri gelende aýtsak, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň çägindäki tüwi öndürýän kärhanada täze hasyly gaýtadan işlemek dowam edýär. Bu barada «Daşoguz habarlary» gazeti habar berýär. 

Adblock
detector