BILIM

Ahally mugallym «Ýylyň mugallymy — 2022»  diýen ada mynasyp boldy

Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 132-nji orta mekdepde Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde orta mekdepleriň mugallymlarynyň arasynda yglan eden «Ýylyň mugallymy — 2022» bäsleşiginiň döwlet tapgyry jemlendi. Oňa bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan mugallymlaryň altysy gatnaşdy.

Onda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň biologiýa mugallymy Gülnar Amanowa «Ýylyň mugallymy — 2022» diýlip yglan edildi. Oňa Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Hormat haty we Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň sowgady gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: