YKDYSADYÝET

TDMI-niň täze binalar toplumynyň taslamasy bilen tanyşdyryldy

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda bu ýokary okuw jaýynyň täze binalar toplumynyň taslamasy bilen tanyşdyryş dabarasy boldy. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň, Bilim ministrliginiň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň wekilleri, bu bilim ojagynyň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Institutyň täze binalar toplumyny gurmak baradaky başlangyç Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir. Ol geçen ýylyň iýun aýynda bu baýry ýokary okuw mekdebinde institutyň täze binalar toplumyny gurmagyň maksadalaýyk boljakdygyny we bu teklip bilen Türkmenistanyň Prezidentine ýüzlenjekdigini aýdypdy.

Mugallymlar we talyplar institutyň täze gurulmagy meýilleşdirilýän binalar toplumynyň hödürlenen şekil-taslamasyna ýokary baha berdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: