YKDYSADYÝET

Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň ýene bir önümhanasy işläp başlady

Şu gün Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Güýçbirleşik geňeşliginiň çäginde «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň täze haly önümhanasy dabaraly ýagdaýda ulanylmaga tabşyryldy.

Ony «Altyn gum» hususy kärhanasynyň hünärmenleri gurdular. Onuň binasy 648 inedördül metri, ýanaşyk ýerleri bilen bolsa 2800 inedördül metr meýdany eýeleýär. Önümhananyň işe girizlimegi bilen 100 sany täze täze iş orunlary döredi. Onda haly dokalýan stanoklaryň 12-si oturdylypdyr. Bu bolsa birbada dürli ölçegdäki 12 sany halyny dokamaklyga mümkinçilik berer. Bu ýerde halyçylaryň dynç almaklary we naharlanmaklary üçin hem oňaýly şertler döredilipdir.

Önümhananyň açylyş dabarasynda medeniýet we sungat işgärleri konsert programmasy bilen çykyş etdiler. Ýaşuly nesliň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ussat halyçylar çykyş etdiler. Önümhananyň ýanynda haly we haly önümleriniň, haly dokamaklyk üçin zerur bolan gurallary sergisi hem guraldy. Halynyň ýüwürdilişi görkezildi.

Halaç çeper halyçylyk kärhanasy Türkmenistandaky iň iri halyçylyk kärhanalarynyň biridir. Bu  ýerde  halyçy gelin-gyzlaryň  2 müň 300-den gowragy zähmet çekýär. Täze önümhananyň açylmagy bilen olaryň sany ýene-de 100 adam artdy.

2019-njy ýylda türkmen milli halyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli sanawyna girizilipdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: