YKDYSADYÝET

Iki dükan iki aýda 12 tonna golaý konditer önümlerini hödürledi

Türkmenabat şäherinde ýerleşýän «Nabat» dükany ýylyň ilkinji iki aýynda 0,7 tonna, «Şerbet» dükany bolsa 11 tonnadan gowrak süýji-köke we tort önümlerini ilata hödürlediler.

Telekeçiler Imran Asadullaýewiň, Bagtu Elnaranyň bu dükanlarynyň müşderileri mydama ýeterli.

Olar öz önümleriniň hiline aýratyn uly üns berýärler. Şeýle bolansoň önümleriň geçginliligi hem ýokary bolýar. «Nabat» toýlardyr dürli dabaralarda bu dükanlaryň önümlerine bolan isleg has artýar.

Hususyýetçileriň eýeçiligindäki bu dükanlaryň içinde öz önümçilik sehleriniň bolmagy ilata edilýän hyzmaty has ýokary derejede guramaga mümkinçilik berýär.

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: