YKDYSADYÝET

«Türkmen ojagy» hususy kärhanasynda önümçiligiň depgini ýokarlanýar

 «Türkmen ojagy» hususy kärhanasynda üstümizdäki ýylyň iki aýynda  171,5 müň metre ýakyn kendir görnüşli watin öndürildi. Bu onuň geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijisinden 161 müň metrden köpdür.

Kärhanada kendir matasyny öndürmekde hem öňe gidişlik gazanyldy. Ýanwar-fewral aýlarynda onuň 96 müň 223 metri çykaryldy. Geçen ýyl şu döwürde 59 müň 870 metrden gowragy öndürilipdi.

Kendir görnüşli watiniň 18 müň metrini bolsa kärhana Gyrgyzystana iberdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: