YKDYSADYÝET

Türkmenistan «Toýotanyň» täze ulaglarynyň nobatdaky tapgyryny ediner

 Türkmenistanyň «Türkmenawtoulaglary» agentligi Ýaponiýanyň «Sumitomo» kompaniýasy bilen «Toýota» kysymly awtobuslaryň we taksileriň 2110-syny satyn almak barada şertnama baglaşdy. Umumy bahasy ABŞ-nyň 115 million dollaryna barabar bolan şertnama laýyklykda ýurdumyza getirilmeli awtoulaglaryň 780-si taksiler, 1330-sy bolsa awtobuslardyr. Tamlamlanyp barýan ýylyň iýulynda Türkmenistan Sumitomo kompaniýasy bilen awtoulaglaryň 860-syny satyn almak barada şertnama baglaşypdy. Olaryň 469-sy noýabr aýynda ýurdumyza getirildi. Mundan başga-da şu ýylyň noýabr aýynda taksileriň we awtobuslaryň 1250-sini satyn almak barada goşmaça şertnama baglaşyldy. Ýokarda ady agzalan kompaniýa 2015-nji ýyldan bäri Türkmenistana awtoulaglary import etmek we distribýutorçylyk işleri bilen meşgullanýar.

Ýeri gelende Türkmenistanda ýol-ulag düzüminiň ileri tutulyp ösdürilýändigini bellemek ýerlikli bolar. Halkara ülňülerine laýyk gelýän täze ýollar bilen birlikde döwrebap awtomenziller hem gurulýar. Üstümizdäki ýylda şeýle desga Türkmenabat şäherinde hem gurlup, dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berildi. Munuň özi şäherara awtobus gatnawlaryny netijeli ýola goýmaga, ýolagçylara ýokary derejede hyzmat etmäge mümkinçilik berdi. Täze gelip gowuşýan awtoulaglar Lebap welaýatynda hem ýolagçylaryň gatnadylyşyny görnetin gowulandyrmaga ýardam berer.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: