YKDYSADYÝET

«Lebapgazçykaryş» müdirliginde ýyllyk meýilnama artygy bilen berjaý edildi

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň işgärleri geçen döwürde sarp edijilere «mawy ýangyjyň» 10 milliard kub metre golaýyny ugratdylar. Munuň özi ýyllyk meýilnamanyň 126,9 göterim berjaý edilendiginden habar berýär.

Müdirligiň gaz känlerinde esasy önüm bolan tebigy gaz bilen birlikde gaz kondensatyny öndürmekde hem ýokary netijeler gazanylýar. Bu ýerde ýylyň başyndan bäri gymmatly çig malyň 37 müň 163 tonnasy öndürilip, on aýyň meýilnamasy 107,9 göterim berjaý edildi. Gaz kondensatynyň öndürilýän möçberleriniň artdyrylmagy, öz gezeginde, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň zerur çig mallar bilen üpjün edilişini has gowulandyrmaga hem uly ýardam berýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: