YKDYSADYÝET

Dowarlar dok we ýyly gyşladylýar

Lebap welaýatynda häzirki wagtda maýda mallaryň 2 million 472,7 müň başy bakylýar. Mallary orta we ýokary semizlikde gyşlatmak üçin ýeterlik ot-iým gory döredildi.

Üstümizdäki ýylyň geçen on bir aýynda welaýatyň ähli hojalyklary boýunça bedäniň 8 müň tonna golaýy, gaty baldakly otlaryň 17,4 müň tonna golaýy taýýarlanyldy. Maldarlary ot-iýmleri mallaryň gyşladylýan ýerlerine daşamak işlerini guramaçylykly dowam etdirýärler. Bu işde hojambazly dowardarlar ýokary başarnyk we yhlaslylyk görkezýärler. Etrapda häzirki wagtda maýda mallaryň baş sany 510 müňe golaýlaýar.   

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: