YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynyň telekeçileri kerpijiň öndürilişini artdyrdylar

Lebap welaýatynyň telekeçileri geçen ýyl 2021-nji ýyldakydan kerpijiň öndürilişini artdyrdylar. Mysal üçin, Halaç etrabynyň Güýçbirleşik geňeşliginiň çäginde hereket edýän «Dury çeşme» hususy kärhanasynda 2021-nji ýylda 2 million 718 müň sany kerpiç çykarylan bolsa, geçen ýyl bu görkeziji 3 million 147 müň kerpije barabar boldy. «Aýdyň maksat» hususy kärhanasynda bolsa bu görkeziji  1 million 160 müňe barabar boldy. Başgaça aýdanymyzda,  ondan öňki ýyldakysyndan 260 müň sany kerpiç köp öndürildi.

Kerpiç önümçiligi bilen meşgullanýan beýleki kärhanalarda hem önümçiligiň ýokary depgini üpjün edildi. «Nesil geljegi» hususy kärhanasynda gurluşykda giňden ulanylýan bu materialyň 1 million 290 müňüsi, «Ýagşy niýetli hyzmat» hususy kärhanasynda 1 million 491 müňüsi, «Haýdar» hususy kärhanasynda 2 million 420 müňüsi öndürildi. Bu ondan öňki ýylyň görkezijilerinden ep-esli köpdür. «Joşgunly iş» hususy kärhanasynda bolsa geçen ýyl 2021-nji ýyldakysyna garanda, 4 milliona ýakyn kerpiç köp öndürildi we ulanyjylara bu materialyň 5 million 46 müňüsi iberildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: