YKDYSADYÝET

Türkmenistan Täjigistana iberilýän suwuklandyrylan gazyň mukdaryny artdyrar

Täjigistan suwuklandyrylan gaz bilen ýerli bazary üpjün edijileriň sanawyny giňeldip, indi Türkmenistandan has köp gaz alar diýip, Täjigistanyň Energetika we suw serişdeleri ministri Daler Juma sişenbe güni habarçylara beren beýanatynda mälim etdi, diýip, «Biznes Türkmenistan» habar berýär.

Ýaňy-ýakynda iki ýurduň arasynda bu ýangyjy Täjigistana çäksiz möçberde ugratmak boýunça şertnama baglaşyldy.

2021-nji ýylda Türkmenistan Täjigistana 5 müň tonna suwuklandyrylan gaz ugratdy. Täjigistan umumy geçen ýyl boýunça 410 müň tonna ýangyç import etdi. Onuň 360 tonnasy Gazagystandan, galan bölegi bolsa Russiýadan gelip gowuşdy.

2021-nji ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşypdy. Onuň dowamynda taraplar  iki hökümetiň arasynda harytlary we ýolagçy gatnawlary üstaşyr geçirmek, şeýle hem nebit önümlerini we suwuklandyrylan uglewodorod gazyny daşamak ýaly ugurlary öz içine alýan 19 sany hyzmatdaşlyk resminamalara gol çekipdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: