YKDYSADYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti bugdaý ekişine girişmäge ak pata berdi

Lebap welaýatynda 2-nji sentýabrda güýzlük bugdaýyň ekişine girişiler. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar  Berdimuhamedow 26-njy awgustda sanly ulgam arkaly geçirilen hökümet mejlisinde 2-nji sentýabrda bugdaý ekişine girişmäge ak pata berdi.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň ekin meýdanlarynda agrotehniki kadalara laýyklykda, bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işleri, tagt suwuny tutmak hem-de ekiş üçin zerur bolan bugdaý tohumlaryny taýýarlamak işleri utgaşykly dowam etdirilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: