YKDYSADYÝET

Türkmenistan we Hytaý iberilýän tebigy gazyň möçberini artdyrmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistan gaz geçirijiniň dördünji şahasyny gurmak arkaly Hytaýa ugradylýan tebigy gazyň möçberini artdyrmak bilen baglanyşykly meseleleri jikme-jik ara alyp maslahatlaşmak üçin taýýar. Bu barada Türkmenistanyň  Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow HHR-a eden iş saparynyň çäklerinde Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen geçiren duşuşygynda aýtdy.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany «Galkynyş» gaz käniniň ikinji tapgyryny döwrebaplaşdyrmagyň seljerilmelidigini aýtdy. Bu dördünji (D) şahasy boýunça Hytaýa tebigy gazy ugratmak üçin esasy serişde binýadyna öwrülmelidir.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň 4-nji şahasynyň gurluşygynyň taslamasy boýunça ylalaşyk gazandylar hem-de Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý we Hytaý-türkmen komitetlerine bu ugurda bilelikdäki degişli işleri geçirmek tabşyryldy. 

Bu barada «Türkmenistan. Altyn asyr» habar berýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: