YKDYSADYÝET

Lebapda 1400 gektar ýere ýeralma ekildi

 Şu ýyl Lebap welaýatynda 1400 gektar meýdana ýazlyk ýeralma ekildi. Welaýatyň oba hojalykçylary şunça ýerden 19 müň 600 tonna hasyl almagy meýilleşdirýärler.

Welaýatda şu oba hojalyk ýylynda ýazlyk ýeralma ekilen etraplaryň ählisinde hem bu möwsüme ykjam taýýarlykly gelnendigini, bu möhüm azyklyk ekininiň ekiljek ýerleriniň öňünden kesgitlenilip, tejribeli daýhanlara ynanylandygyny belläp geçmek möhümdir.

Ýeralmanyň ýokary hasyl berýän, sebitiň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän, synagdan geçen tohumlarynyň saýlanyp alynmagy hem-de ekişiň öz wagtynda, agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilmegi, welaýatda bu ugura aýratyn üns berilýändiginiň subutnamalarydyr.

Çärjew etrabynda şu ýazky möwsümde 480 gektar, Dänew etrabynda 350 gektar, Saýat we Halaç etraplarynda degişlilikde 300 hem-de 130 gektar ýere ýeralma ekilip, ekinlere ideg işleri has-da göwnejaý alnyp barylýar.

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: