YKDYSADYÝET

«Tiz hyzmat» hususy kärhanasynda kömelekleriň täze hasylyna garaşylýar

Türkmenabat şäherindäki «Tiz hyzmat» hususy kärhanasynyň ýyladyşhanasynda dekabr aýynyň başynda gelinkömelekleriň täze hasylyna garaşylýar, diýip, «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Mansur Orazowa degişli bolan bu hususy kärhananyň ekin meýdanynda ösdürilip ýetişdirilýän gelinkömelekler 1 aýyň dowamynda hasyla durýar. Kömelekler her ýylda bäş gezek, her tapgyrynda bolsa azyndan 3 tonna çenli hasyl berýär. Şu ýylyň başyndan bäri hem önümleriň 12 tonnasy ilata hödürlenildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: