BILIM

TDMI-de ÝUNESKO kafedrasyny döretmäge taýýarlyk görülýär

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ÝUNESKO kafedrasyny döretmäge taýýarlyk görülýär.

Täze kafedra bilen baglylykda ýokary okuw mekdebinde eýýäm daşary ýurtlaryň iri bilim ojaklarynyň birnäçesi bilen hyzmatdaşlyga girişdi. ÝUNESKO kafedrasyny döretmek boýunça Özbegistanyň Nyzamy adyndaky Daşkent döwlet pedagogik uniwersitetinden, Buhara döwlet uniwersitetinden, Belarusyň A.S.Puşkin adyndaky Brest döwlet uniwersitetinden, Russiýanyň Wolgograd döwlet sosial-pedagogik uniwersitetinden halkara goldaw hatlary gelip gowuşdy. Bu ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri bilen sanly ulgam arkaly gepleşikler hem geçirildi.

Institutyň wekilleriniň gatnaşmagynda ÝUNESKO-nyň Pariž şäherindäki baş merkeziniň ýokary okuw mekdepleri bölüminiň ýolbaşçylary bilen sanly ulgam arkaly maslahat geçirildi. Onda ÝUNESKO kafedralary baradaky maksatnama giňden ara alnyp maslahatlaşyldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: