YKDYSADYÝET

Türkmenistan: Şala ideg edilip başlandy

Lebap welaýatynyň hojalyklarynda şala ideg etmäge girişdiler.
Her ýyl bolşy ýaly, bu gezek hem şaly bugdaýdan boşan meýdanlara ekildi. Lebaply daýhanlar 10 müň 200 gektar meýdana bu ekini ekdiler. Olar güýzde ondan 47 müň 400 tonna hasyl almagy meýilleşdirýärler.Hojalyklaryň aglabasynda şalynyň hasyl berijiligi bilen tapawutlanan «Nukus―2» görnüşi ekildi.
Şol bir wagtyň özünde bu ekiniň görnüşlerini kämilleşdirmek boýunça hem işer alnyp barylýar. Geçen ýyllarda şu maksat bilen Çärjew etrabynyň «Azatlyk», Saýat etrabynyň «Bereket» daýhan birleşiklerinde şalynyň Russiýadan getirilen käbir görnüşleri hem synagdan geçirildi. Netijede «Flagman» görnüşiniň Türkmenistanyň howa-toprak şerlerine laýyk gelýändigi anyklanyldy. Bu ýyl «Nukus―2» bilen bir hatarda şalynyň «Fagman» we beýleki käbir görnüşleri hem köpçülikleýin ekildi.
Türkmenistanda ýerlerden netijeli peýdalanmak maksady bilen bugdaýdan boşan meýdanlarda aralyk ekinleriň birnäçe görnüşleri ýetişdirilýär. Olaryň arasynda şala uly orun berilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: