Turkmenistan: Lebapda BSGG-niň wekilleri Lebaba geldiler

Jul 7, 2020

Şu gün «Türkmenhowaýollarynyň» ýörite gatnawy üçin goýlan «Bombardier Challenger 605» uçary bilen Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň wekiliýeti Maýn boýundaky Frankfurtdan Türkmenabadyň Halkara howa menziline geldi. Bu barada «Turkmenportal» habar berýär.
Bäş bilermenden ybarat wekiliýet Türkmenistanda 10 gün işlär. BSGG-niň wekiliýeti ýurdumyzda bolmagyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamynyň ýolbaşçylary, bilermenleri bilen duşuşyklary geçirerler. Bu duşuşyklaryň esasy maksady COVID-19 pandemiýasynyň ýurtda ýaýramagynyň öňüni almakda geçirilýän işler bilen bagly bolar.
Şeýle hem BSGG-niň wekilleri ýurduň ähli sebitlerindäki saglyk merkezlerinde, labaratoriýalarda bolup, ýokarda agzalan mesele boýunça alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyşmagy meýilleşdirýärler.

Поделиться ссылкой: