YKDYSADYÝET

Türkmen elektrik energiýasynyň eksporty artýar

Şu ýylyň ýanwar aýynda ýurdumyzdan Özbegistana, Gyrgyzystana we Owganystana elektrik energiýasynyň jemi 742 million 376,3 müň kilowat sagatdan gowragy ugradyldy. Şonça elektrik energiýasynyň 509,4 million kilowat sagady  Özbegistana, 91 million kilowat sagady Gyrgyzystana, 142 million kilowat sagada golaýy bolsa Owganystana ugradyldy. Bu möhüm işe «Lebap», «Watan» döwlet elektrik stansiýalarynyň we Seýdiniň ýylylyk elektrik merkeziniň işgärleri saldamly goşant goşýarlar.  

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: