Mary çeper halyçylyk kärhanasy 1040,72 inedördül metr haly we haly önümlerini ýerledi

Mary çeper halyçylyk kärhanasy boýunça şu ýylyň geçen alty aýynda 950 inedördül metr haly we haly önümleri dokaldy we ýarym ýylda satylan haly we haly önümleri 1040,72 inedördül metre deň boldy.

«Türkmenhaly» döwlet birleşigine degişli bolan bu kärhananyň şeýle ýokary görkezijileri kärhananyň önümhanalarynyň giňeldilip döwrebaplaşdyrylmagy, çeper elli halyçylaryň irginsiz zähmeti, halypa-şägirtlik ýolunyň ösdürilmegi, türkmen halylarynyň gadymy nusgalarynyň dikeldilmeginiň, şeýle-de gelýän buýurmalara laýyklykda, olaryň täze görnüşleriniň dokalmagynyň hasabyna gazanyldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector