YKDYSADYÝET

Mähriban obamda» gurluşyk harytlary hem, azyk önümleri hem öndürilýär

Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň çäginde ýerleşýän «Mähriban obam» hususy kärhanasynda keramiki kerpiçleriň dürli görnüşleri öndürilýär, diýip «Rysgal» gazeti ýazýar.

Şeýle hem, kärhanada polipropilenden we polietilenden diametri 15 — 110 millimetr aralygyndaky lagym turbalary, jaýlaryň içki bezegleri üçin poliwinilhloridden potolok öndürilip başlandy. Bu önümler  müşderileriň buýurmalarynyň esasynda öndürilýär.

«Mähriban obam» hususy kärhanasy oba hjalyk önümlerini hem öndürýär. Bölünip berlen 26 gektar ýeriň 8 gektarynda döwrebap ýyladyşhana toplumyny guruldy, galan 18 gektarynda miweli baglaryň nahallary oturdyldy. Ýyladyşhana toplumynda ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli pomidorlar ösdürilip ýetişdirilip, içerki we daşarky bazarlara ýerlenilýär. Häzirki wagta çenli pomidoryň 2 müň tonna golaýy Gyrgyz Respublikasyna, Gazagystan Respublikasyna, Russiýa Federasiýasyna eksport edildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: