YKDYSADYÝET

Türkmenistan: Robotlaşdyrylan kärhana gurulýar

Halaç etrabynyň Surh geňeşliginiň çäginde gurulýan keramiki kerpiç öndürýän kärhanada işleriň aglaba bölegi robot tehnologiýalarynyň kömegi bilen alnyp barylar.
Gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda gidýän kärhananyň ýakyn günlerde işe girizilmegine garaşylýar. Robot tehnologiýasynyň ulanylmagy kärhanada öndüriljek gymmatly gurluşyk materiallarynyň dünýä standartlaryna laýyk gelmegini üpjün eder. Bu ýerde öndürilmegi meýilleşdirilýän keramiki kerpije Türkmenistanda hem, daşary ýurtlarda hem isleg uly.
Kärhanany «Döwletli döwran» hojalyk jemgyýetiniň buýurmasy bilen «Eziz doganlar» hususy kärhanasynyň hünärmenleri gurýarlar. Kärhana ýakynda doly yşyklandyryldy, onuň daş-töwereginde abadanlaşdyryş işleri alnyp barylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: