YKDYSADYÝET

Täze kärhananyň depgini ileri

Şu ýylyň başynda işe başlan «Täsin hasyl» hojalyk jemgyýetinde gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi üstünlikli dowam edýär.

 Hojalyk jemgyýetiniň önümçilik kärhanasy Çärjew etrabynyň çäginde ýerleşip, bu ýerde bitum emulsiýasynyň we bitum mastikasynyň önümçiliginiň depgini barha ýokarlanýar. Kärhanada önüm öndürmek üçin gerekli çig mal Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan alynýar Bitum emulsiýasy we bitum mastikasy 20, 70 kilogramlyk gaplara gaplanylýar. Döwrebap kärhana gysga wagtyň içinde ýokary hilli önümleri bilen halkara bazara çykmagy-da başardy. Ýagny, hojalyk jemgyýetiniň önümi Özbegistan Respublikasyna eksport edildi. Kärhana geljekde çygdan goraýjy (gidroizolýasiýa) önümi bolan izogamyň önümçiligini ýola goýmagyň üstünde işleýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: