YKDYSADYÝET

Türkmenistanda öndürilen mebeller eksportda iberilýär

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän polipropilenden we polietilenden demir aýakly oturgyçdyr partalaryň önümçiligini alyp barýan «Belent akaba» hususy kärhanasy öz önümleriniň eksportyny has hem giňeldýär. Ýagny, indi kärhananyň önümleri Türkiýä, Gazagystana, Özbegistana, Latwiýa, Gyrgyzystana, Russiýa, Germaniýa eksport edilýär. Kärhanada oturgyçlaryň her aýda müňlerçesiniň, şeýle hem bir we iki adamlyk partalaryň önümçiligi giňden alnyp barylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: