DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Bu ýyl «Altyn pökgi» gowşurylmaz

«France Football» neşiri 2020-nji ýylda «Altyn pökgi baýragyny gowşurmazlyk kararyna geldi.
Žurnal muny Ýer ýüzündäki häzirki ýagdaýlar bilen baglanyşdyrýar. Çünki baýragy gowşurmak üçin adalatly we dartgynly futbol ýaryşlary esasy zerurlyk bolup durýar. Şu ýyl bolsa halkara ýaryşlar geçirilmedi diýen ýaly.
Şeýlelikde, 1956-njy ýyldan bäri gowşurylyp gelinýän baýrak, 64 ýyllyk taryhynyň içinde ilkinji gezek hiç kime gowşurylmaz.
Bu baýraga geçen ýyl «Barselonanyň» we Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messiniň mynasyp bolandygyny ýatladýarys.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: