TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistana BSGG-den ynsanperwerlik ýükleri geldi

Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline Bütindünýä saglygy goraýyş guramasyndan ynsanperwerlik ýüki gelip gowuşdy. Bu barada TDH habar berýär.
Halkara ynsanperwerlik ýüküň ýany bilen gelen Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň wekiliniň belleýşi ýaly, häzirki döwürde dünýä halklarynyň arasynda ynsanperwerlik gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegi aýratyn möhüm bolup durýar. Bu waka adamzadyň saglygyna wehim salýan howpa garşy bilelikde göreşmegiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
Ynsanperwer ýükleriň içinde wirus ýokanjyndan goranyş serişdeleri — lukmançylyk örtükleriniň 320 müňüsi, respiratorlaryň 130 müňüsi, ýüz örtükleriniň 88 müňden gowragy, äýnekleriň 18 müňden gowragy hem-de halatlaryň 12 müňden gowragy bar. Bu serişdeler ýiti pnewmoniýany döredýän ýokanç keselinden goranmak üçin zerurlygyň ýüze çykan halatynda hünärmenleriň peýdalanmagy üçin lukmançylyk edaralaryna gowşurylar hem-de paýlanylar.
Ýakynda BSGG-niň Ýewropa býurosynyň wekiliýetiniň Türkmenistanda 10 günlük saparda bolandygyny we geçirilen işleriň netijesinde ýurtda COVID-19 bilen bagly ýekeje ýagdaýyň hem gabat gemändigini ýatladýarys.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: